Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan irki parlament saýlawlaryny geçirýär


Ses berýän aýal. 206-njy saýlaw uçastogy. Almaty, 20-nji mart, 2016
Ses berýän aýal. 206-njy saýlaw uçastogy. Almaty, 20-nji mart, 2016

Gazagystanyň dolandyryjy partiýasynyň 20-nji martda geçirilýän irki saýlawlarda parlamentiň aşaky öýünde köplügi yzyna almagyna garaşylýar.

Prezident Nursultan Nazarbaýewiň «Nur Otan» partiýasy 107 orunly Mejlisdäki orunlar babatda hakyky bäsdeşler bilen bäsleşmeýär.

Synçylar esasy ünsüň prezidentiň gyzy Dariga Nazarbaýewa gönügendigini aýdýarlar, ol premýer-ministriň orunbasary we kandidatlaryň sanawyna girizilen.

Eger ol hökümetden gitse, parlamentiň aşaky öýüniň spikeri bolup biler. Bu onuň 75 ýaşyndaky kakasynyň ornuna geçmek ähtimallygyny güýçlendirer.

Nazarbaýew öňki sowet respublikasyna 1989-njy ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär we başga pikirlilere çydamsyz.

XS
SM
MD
LG