Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukraina: Partlama iki adamy ýaralady


Partlamanyň bolan ýeri, Kirowohrad, 22-nji mart, 2016

Ukrainanyň merkezi Kirowohrad şäherinde bolan partlama zerarly iki adam keselhana düşdi.

Partlama 22-nji martda şäheriň merkezindäki Bohdan Hmelnitskiý meýdançasynda boldy we netijede iki awtoulag weýran boldy.

Kirowohrad regionynyň kanun goraýjy resmileri näbelli partlaýjy serişdesiniň zibil taşlanýan demir gutusynda partlandygyny aýdýarlar.

Derňewçiler hadysany barlaýarlar.

Geçen ýylda birnäçe partlama Ukrainanyň Harkiw we Odesa şäherlerine zarba urupdy.

Häkimiýetler partlamalary amala aşyrmakda Orsýeti we orsýetçi separatistler bilen gatnaşykdaky toparlary aýyplapdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG