Sepleriň elýeterliligi

YD Yrakda türk esgerini öldürdi


Bosgunlara ýardam edýan türk esgeri

Demirgazyk Yrakdaky harby bazada bir türk esgeri «Yslam döwleti» jeňçi toparynyň atan raketalaryndan wepat boldy.

Bu hüjüm 26-njy martda, türk harby-howa güýçleriniň ilkinji gezek ABŞ ýolbaşçylygyndaky koalisiýa goşulyp, demirgazyk Yrakdaky jeňçilere hüjüm eden gününe gabat geldi.

Türk esgeri YD-ynyň Yragyň kürt peşmerge güýçleri bilen söweş mahalynda atan raketasy Başiga sebitindäki harby bazanyň içine düşende öldi.

Bu bazadaky türk esgerleriniň ýene biriniň ýaraly bolandygy aýdylýar.

Türk ýaragly güýçleriniň 26-njy martdaky beýanatynda koalisiýanyň uruş uçarlarynyň , Başiga hüjüminden soň, YD-nyň regiondaky dört pozisiýasyny urandygy aýdylýar.

Türkiýe, YD-a garşy söweşýän kürt milisiýasyna ýardam üçin, demirgazyk Yrakda bir bölek esger ýerleşdiripdi.

XS
SM
MD
LG