Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek: Rewolýusiýanyň senesi baýram ediler


2010-njy ýylyň aprel rewolýusiýasynyň gahrymanlarynyň ýadygärligi, Bişkek
2010-njy ýylyň aprel rewolýusiýasynyň gahrymanlarynyň ýadygärligi, Bişkek

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew 7-nji apreli jemgyýetçilik baýramçylyk güni diýip resmi taýdan yglan etdi.

Halk aprel rewolýusiýasynyň güni diýlip yglan edilen senede 2010-njy ýylda ýurduň awtoritar prezidenti Kurmanbek Bakiýewi wezipesinden agdaran rewolýusiýanyň ýyl dönümi bellenýär.

Prezidentiň metbugat-gullugynyň maglumatyna görä, Atambaýew baýramçylyk barada permana 4-nji aprelde gol çekipdir.

2010-njy ýylyň 7-nji aprelinde hökümete garşy geçirilen we zorluga öwrülen köpçülikleýin protestleriň netijesinde 100 çemesi adam wepat bolupdy.

Bakiýew ýurdy terk edipdi.

Prezidentiň permanyna görä, 17-nji we 24-nji mart günleri hem baýramçylyk seneleri diýlip yglan edilipdir.

2002-nji ýylyň 17-nji martynda Aksu etrabynda hökümete garşy protestlerde polisiýa dört adamy atyp öldürdi.

2005-nji ýylyň 24-nji martynda Bişkekde hökümete garşy protestleriň netijesinde prezident Askar Akaýew häkimiýet başyndan çetleşdirildi.

XS
SM
MD
LG