Türkiýeden Gresiýa aşýan migrantlaryň akymy soňky 24 sagatda pese düşdi. Mundan birnäçe gün ozal Gresiýanyň häkimiýetleri Ýewropa Bileleşigi (ÝB) bilen ylalaşygynyň çäginde migrantlary Türkiýä deportasiýa edip başlady.
Gresiýanyň häkimiýetleriniň 6-njy aprelde aýtmagyna görä, soňky 24 sagadyň dowamynda Gresiýa Türkiýeden diňe 68 migrant aşypdyr. Bir gün öň bu san 225 adamdan ybaratdy.
Bu sanyň azalmagynyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkiýe bilen baglaşan ylalaşygyna göni bagly bolup-bolmazlygy nämälim galýar.
4-nji aprelde Gresiýa deportasiýa boýunça planyň birinji tapgyrynyň çäginde 200 çemesi migranty Türkiýä iberdi.
Gresiýanyň häkimiýetleri ýurda baran migrantlaryň sanyny 53 müň diýip kesgitleýärler.
ÝB-niň Türkiýe bilen baglaşan ylalaşygyna görä, Ankara Gresiýa bikanun aşan ähli migrantlary we bosgunlary yzyna alar, ÝB bolsa müňlerçe siriýaly bosguny göni Türkiýede kabul eder, şeýle-de Türkiýä has köp maliýe kömegini, wizasyz syýahatçylyk düzgünini we ÝB agza bolmak ugrundaky gepleşiklerde öňegidişligi kepil geçer.
«Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi goňşy Garagalpagystan awtonom respublikasynda bolan tolgunyşyklaryň yz ýanyna gabat geldi.» Meniň tankyda bolmaýan dostlarym! Bir zada düşüniň. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi her aýyň başynda geçirilýär. Bu gezek bolsa, alty aýyň jemine bagyşlanylyp geçildi. Bärde siziň öz ýanyňyzdan oýlap tapýan «Garagalpagystan awtonom respublikasynda bolan tolgunyşyklaryň yz ýanyna gabat geldi.» diýýän zadyňyz tasa gelenok. Ondan, beýle köpbilmiş bolsaňyz, ne sebäpden ýokary derejeli iki howpsuzlyk resmisine käýinç yglan edilenini aýdyň. Bize şol gyzykly. TDH-nyň materialyny eýläk-beýläk sözlerini üýtgedip, copy paste edeniňiz gyzykly däl,
TM-da in gimmat mal bazar Ashabat, 20 kg goyun 1,200 m shu gunki baha, welayatlarda arzan bolyar. Balkandaki habarjini kэyinj berin, nэdogri maglumat