Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Dagly-Garabag: ýaraşyk astynda jesetler ýygnalar


Dagly-Garabag, eniki ermeni esgeri postda dur.

Azerbaýjan we Ermenistan tarapyndan goldanylýan separatistler bölüniji sebit bolan Dagly-Garabagda öldürilen esgerleriniň jesetlerini gözlemek üçin wagtlaýyn ylalaşyk baglaşandyklaryny aýdýarlar.

Uruşýan taraplar 5-nji aprelde, dört günlük topa tutuşykda onlarça adam ölenden soň atyşygy kesmäge razy boldular. Bu 1994-nji ýylda konflikti soňlan, emma arada ýatan dawany çözmedik ýaraşykdan bäri bolan iň elhenç söweş boldy. Bu ýaraşyk umuman saklanyldy, ýogsa iki tarap hem käbir düzgün bozmalary habar berdi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi we Dagly-Garabagyň harby liderleri 8-nji aprelde iki tarapyň ölen esgerleriň jesetlerini ýygnamak üçin ylalaşyk baglaşandyklaryny aýtdy.

Şu aralykda Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew Azerbaýjana, prezident Ylham Alyýew bilen gepleşmäge geldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG