Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jon Kerri Owganystana geldi


Jon Kerri

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri 9-njy aprelde, yglan edilmedik sapar bilen, 2014-nji ýyldaky dawaly prezident saýlawlaryndan soň araçylyk eden milli birleşik ylalaşygy bilen bagly tutaşan syýasy krizisi çözmek üçin Owganystana geldi.

Kerriniň sapary prezident Aşraf Gani bilen baş ýerine ýetiriji Abdylla Abdyllanyň ýolbaşçylygyndaky milli birleşik hökümetiniň içindäki syýasy darkaşyň ulalýan wagtyna gabat geldi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň sözçüsi Jon Kirbi Kerriniň Kabula we onuň möwjeýän «Talyban» pitneçiligine garşy göreşýän howpsuzlyk güýçlerine ABŞ ýardamyny nygtajakdygyny aýtdy.

ABŞ bu ýurtdaky goşunlarynyň agramly bölegini çykaryp, diňe 9800 çemesi esger galdyrdy. 2017-nji ýylyň başyna çenli Owganystandaky amerikan goşunlarynyň sany 5500-çenli azaldylmaly.

Kerri Kabulda Gani we Abdylla bilen ilki aýratynlykda gürleşip, soň bilelikde duşuşmagy planlaşdyrýar. Şeýle-de ol öz owgan kärdeşi bilen gepleşer.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG