Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Köpüň adamy


Nazar Hudaýberdi.
Nazar Hudaýberdi.

Nazar Hudaýberdi köpüň adamy boldy. Ol köpler bilen işleşdi, köp bilen gatnaşyk saklady. Ertir 12-nji aprelde onuň aradan çykanyna kyrk gün dolýar.

Türkmen Lewitany

SSSR zamanynda, geçen asyryň ortalarynda Bütinsoýuz radionyň Ýuriý Lewitan atly örän meşhur diktory – sözçüsi bardy. Ol möhüm habarlary okaýardy. Onuň sesi eşidilende, adamlar durýardylar hem möhüm habary diňleýärdiler.

90-njy ýyllaryň aýagynda Azatlygyň diňleýjilerinden biri Nazar Hudaýberdini şol meşhur lewitana meňzetdi. Bu barada Azatlyga ýörite hat geldi.

Ýeri gelende aýtsak, Ýuriý Lewitanyň bariton sesi bar diýýärdiler. Nazar Hudaýberdiniň sesi hem kämil goýlan bariton hasaplanýar. Olaryň hyzmatynda-da belli derejede meňzeşlikler boldy.

Nazar her bir meselede az sözlüdi; zeýrenmezdi, durmuşdan nalynyp durmazdy. Gowyny-da, erbedi-de kalbynda jaýlamagy başarýardy. Bile işleýän döwrümizde onuň diňe ejesi barada alada galýandygyny eşidýärdik.

Ene barada

Ol aram-aram ejesini ýatlaýardy. Ýurtdan gelýän habarlara görä, naçar ene-de ogluny mydama ýatlap durupdyr. Ýöne olara didar nesip etmedi. Ejesiniň ýarawsyzlygyny eşidensoň, ony görjek bolup köp alada galdy.

Dürli ugurlar bilen, hatda Halkara Gyzyl Haç jemgyýetiniň üstünden-de ýurda baryp-gaýtmaga rugsat alyp bilmedi. Onuň ejesiniň agyr halda keselhanada ýatandygyny tassyklaýan resmi hat bermediler. Şu zamanda, tehnikanyň şu ýeten derejesinde, olar görşüp bilmedi.

Agy

Bir gezek men Türkmenistan radiosynyň tanymal diktory hem ýüz çemesi aýdymyň goşgusyny döreden şahyr Geldi Bäşiýewiň hatyrasyna gepleşik taýýarladym. Şonda Nazar Hudaýberdei kärdeşini ýatlap çykyş etdi.

Söz arasynda Geldi Bäşiniň “Enem sen” goşgusyny ýatlady. Meşhur aýdyma öwrülen ol goşgy: “Bäbejikkäm ýüpek ýorgana dolan” diýen setir bilen başlanýardy.

Goşgyny ýatlan badyna Nazar Hudaýberdi möňňürip goýbermezmi. Bagtymyza ýazgy göni efirde däldi. Enäniň zary Narazyň bokurdagynda püre-pür bolup duran ekeni.

Birhaýukdan köşeşip özüni dürsedi hem ötünç sorady.

Ýat ýerlerde galmak

Onuň takdyry çeh topragyna çekipdir. Oňa Praganyň ortasyndaky Olşansky gonamçylygyndan ýer berdiler. Ol ýerde geçen 2-nji Jahan urşunda wepat bolan soldatlar gonambaşy bolup ýatyr. Halkyň erkinligi hem azatlygy üçin gurban bolanlara Watanyň şöhratly ogullary diýilýär. Olaryň arasynda öz ildeşlerimiziň bolmagy mümkin, sebäbi tanyş atlar bar.

Nazaryň ömür ýoly-da şol esgerleriň takdyryna meňzedi. Ony bu topraga durmuş zerurlygy hem ynsanlyk borjy getirdi. Döwür ondan şeýle hyzmaty talap etdi. Ol öz borjundan gaçjak ýa gutuljak bolmady. Eýsem borjuny bar ukyby hem zehini bilen ödemäge çalyşdy.

Ýaş wagtymyzda: ,,Ýat ýerlerde galdy merdiň mazary” diýen setirler bilen başlanýan aýdym bardy. Ol goşgyny kimiň ýazanyny biljek däl, ýöne aýdylýan söz ýerlikli bolansoň, berk ýatda galypdyr.

Ýagdaý şeýle, häzirki döwürde türkmeniň mazary ýat ýerlerde galyp başlady. Bu işde Nazar ilkinji däl, iň soňky hem bolmasa gerek.

Bir köşeşdiriji zat – ýat ýurtda mazar ýitmeýär, onuň üstünden jaý gurmaýarlar. Ol goralýar hem dokumentleşdirilip arhiwe geçirilýär.

Nazar Hudaýberdi özüni ýakyndan hem daşdan tanaýanlaryň hyýalynda ýatlama öwrülip barýar.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG