Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada rus harby dikuçary heläkçilige uçrady


orsýetiň Siriýadaky armiýasynyň agzasy.
orsýetiň Siriýadaky armiýasynyň agzasy.

Orsýetiň Goranmak ministrligi Siriýada rus harby dikuçarynyň heläkçilige uçrandygyny we iki harby işgäriniň heläk bolandygyny aýdýar.

Ministrligiň maglumatynda “Mi-28” kysymly hüjüm ediji dikuçaryň urlup ýykylmandygy, onuň 12-nji aprelde Siriýanyň Homs welaýatynda heläkçilige uçrandygy bellenilýär.

Şeýle-de, maglumatda dikuçardaky pilotlaryň jesediniň anyklanandygy we olaryň Hmeýmimdäki rus howa bazasyna getirilendigi aýdylýar.

Henize çenli bu waka barada has jikme-jik maglumat berilmedi.

XS
SM
MD
LG