Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin ýyllyk sorag-jogap duşuşygyny geçirýär


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin göni efirde soraglara jogap berýär.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin göni efirde soraglara jogap berýär.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýyllyk sorag-jogap duşuşygynda adaty orsýetlileriň soraglaryna jogap berýär.

Kremliň berýän maglumatyna görä, 14-nji aprelde geçirilýän ýygnagyň öňýanynda ýurduň dürli künjeginden 1 milliondan gowrak sorag gelip gowşupdyr. Şu ýyl 14-nji gezek geçirilýän şeýle duşuşyk adatça dört sagat ýa-da ondan hem köp wagt dowam edýär.

Telewideniýede görkezilýän gepleşigiň başynda Putin ýurduň ykdysadyýetiniň gowulaşmandygyny aýtdy. Şeýle-de, ol hökümetiň şu ýyl ýurduň umumy içerki önümiň ösüşiniň birneme pese gaçmagyna garaşýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Putin eger çykdajylar häzirki depginde dowam etse, onda Orsýetiň azyndan dört ýyl üçin ýeterlik rezerwiniň bardygyny hem belledi.

XS
SM
MD
LG