Birleşen Ştatlar Täjigistany, Özbegistany, Türkmenistany we ýene birnäçe başga döwleti Döwlet departamentiniň dini azatlyklar babatda barha kän alada döredýän ýurtlar boýunça belligine aldy.
Bu çäre 15-nji aprelde Döwlet departamentiniň sözçüsi John Kirbi tarapyndan aýan edildi we onuň ABŞ-nyň hökümet hyzmatdaşlygy ýa-da kömek programmalary babatda dürli çäklendirmeleri döretmek mümkinçiligi bar.
Emma muňa garamazdan, Kirbi bu hili çäklendirmeleriň, Birleşen Ştatlaryň möhüm milli bähbitleri sebäpli, häzirlikçe Täjigistan, Özbegistan we Türkmenistan üçin ulanylmajakdygyny aýtdy.