Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rim papasy grek adasyna sapar edýär


Pop Fransis Gresiýanyň Lesbos adasyna geldi.
Pop Fransis Gresiýanyň Lesbos adasyna geldi.

Pop Fransis Gresiýanyň Lesbos adasyna eden saparyndan yzyna dolananda, Italiýa özi bilen 10 sany bosguny alyp gaýtmagy teklip etdi.

Gresiýanyň döwlet telewideniýesi ERT sekiz siriýala we iki owgana pop bilen Gresiýadan çykmaga rugsat beriljegini aýtdy.

Rim papasy Ýewropa Bileleşigi bilen Türkiýäniň arasynda baglaşylan gapma-garşylykly ylalaşyk esasynda bosgun lagerinden tussag merkezine öwrülen ýere barmagy planlaşdyrdy.

Ol bosgunlar bilen duşuşyp, olaryň käbiri bilen nahar iýer.

Grek adasy Ýewropanyň ýüzbe-ýüz bolan ynsanperwerçilik krizisiniň serhet liniýasy hasaplanylýar.

XS
SM
MD
LG