Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Günorta Koreýanyň prezidenti öňümizdäki aý Eýrana sapar edýär


Günorta Koreýanyň prezidenti Park Geun-hýe.

Park Geun-hýe öňümizdäki aý Eýrana etjek sapary esasynda, Günorta Koreýanyň bu ýurda sapar eden ilkinji prezidenti bolar. Bu barada Park Geun-hýeniň edarasy habar berýär.

Günorta Koreýanyň prezidentlik edarasynyň 18-nji aprelde beren maglumatyna görä, Park Geun-hýe we Eýranyň prezidenti Hassan Rohani özara gatnaşyklary ösdürmegiň ýollary, şeýle-de Koreýa ýarymadasyndaky dartgynlylyklar ýaly regional meseleler barada maslahat ederler.

Eýran we Demirgazyk Koreýa eýýäm köp wagtdan bäri ýarag tehnologiýasy pudagynda hyzmatdaşlyk etmekde güman edilýär.

Tähran bilen Seulyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1962-nji ýylda dikeldilipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG