Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşardaky türkmen alamatlary


Türkmen gelni.
Türkmen gelni.

Sülgüniň „Gelni“

Duz-nesibe meni ABŞ-yň Siettlle şäherine eltdi. Ol ýerde öň Türkmenistanda bolan bir gurply adam myhmançylyga çagyrdy. Biziň ilimizde gören hormat-sylagyny gaýtarmak isläpdir.

Onuň baý içerisinde menden öňem bir türkmen bar ekeni. Ýaş gelniň kartinasy törden asylyp goýlupdyr.

Kartina sada usulda çekilipdir. Gyzyl kütä bürenen gelin ýüzüni açyp otyr. Ol atasy öýüne gelen gaýtarma meňzeýär. Gelniň ýüzünde üýtgeşik bir duýgy ýa-da nähilidir pikiri aňladýan alamat görnenok. Ýöne başyna atynan kürtesi welin taýsyz owadan. Ol Ahalyň düzünde öýlänçi gelensoň döreýän älemgoşara meňzeýär. Şol öwüşgin meni özüne çekdi. Oňa ýakyn baranymy duýmadym.

Gelniň atynan kürtesinde şeýle bir nagyş bar welin, olar hatar-hatar düzülip, tutuş bir nagyşlar älemini emele getirip dur. Nagyşlaryň takyklygy hem reňkleriň jaýba-jaý goýluşy haýran galdyrýar. Bu nagyşlaryň bir ussadyň elinden çykandygy belli.

Ussat aslynda şol nagyşlary janlandyrmak üçin, şeýle kartina döreden bolsa gerek. Eger kürte ýaş gelniň başynda bolmasa, ýürege ýetmeýär. Ol nagyşlar diňe ýaş gelniň jemalynda janlanyp bilýär.

Men itinip, kartinanyň adyny gözläp başladym. Aşakda inçejik harplar bilen kril elipbisinde „Сүлгүн“ diýlip ýazylypdyr. Munuň Sülgün Hojagulyýewa bolmagy mümkin. ,,Ýedigen” diýen kitaplar toplumyny bezän hudožnik ýadyma düşdi.

Öý eýesi geň galanymy aňlady-da:

– Bu işi tanadyňmy? – diýdi.

– Hawa, tanadym.

– Men ony Aşgabat bazarynda bir çepiksije, horja daýzadan satyn aldym.

Şol horja, çepiksije daýzanyň elinden çykan „Gelin“ dünýäniň beýle çetinde, bir amerikanlynyň törüniň bezegi bolupdyr.

Satylmak

Moskwanyň etegindäki Srogino ýaşaýyş toplumynda, ýekelige çydaman, belent jaýlaryň arasynda aýlanyp ýördüm.

Kimdir biriniň eýwanynda serlip goýlan gyzyl hala gözüm düşdi. Aýagym duşaldy, nazarym şol hala baglandy. Birsellem seredip duramsoň, onuň bu çet ýere nädip düşüp biljegini hyýalyma getirjek boldum.

Şol wagt ýel öwüsdimi ýa göwnüme boldumy, haly çalarak silkindi. Ol:

– Men satyldym – diýdi.

Abraýly haryt

Aradan birnäçe ýyl geçensoň, türkmen halylarynyň iň bol ýerini Stambulda gördüm.

Giň aýnanyň alnynda ýalbaryp duran halyny görüp, derrew şol dükana sowuldym.

Halynyň ýanyna bardym. Köne tanşyma duşup, onuň bilen görüşýän ýaly, ýüzüne elimi ýetirdim hem gölleri sypaladym.

Dükan eýesi ýanyma geldi. Onuň soragly nazaryna näme diýjegimi bilmän:

– Bu türkmen halysy – diýdim.

– Dogry, bu türkmen halysydyr. Aljakmysyňyz?

Men baş ýaýkadym. Ýöne söwdagär söwdadan gaýtmady.

– Alyň, türkmen bolanyňyz üçin, muny size arzan bereýin. Bu öýüňiziň bezegi bolar.

– Mende öý ýok, gardaşym.

Ol meniň mysapyrdygymy aňdy, şonda-da söwdadan el çekmedi.

– Ol pahyr etmez. Muny siz Günbatarda gowy bahadan satarsyňyz. Bu abraýly haryt, hiç wagt könelmez. Ýanyňyzda dursa ýoldaşly bolarsyňyz.

Men satyja minnetdarlyk bildirip, daş çykmaga alňasadym.

Soňra şäheriň syýahatçylar gezýän böleginde şeýle bir halylary gördüm. Ählisi diýen ýaly, esasan, görkezme haryt hökmünde, görnükli ýerlerde goýlupdyr. Olaryň ululary-da, kiçileri-de; köneleri-de, täzesi-de bar. Bosforyň şol ýokary başynda, Gara deňizden gözbaş alýan ýeridäki dükanlarda-da türkmen halylary gözüme ildi.

Bu halylar göýä uçar bilen Stambul dükanlarynyň üstüne seçilen ýaly. Ýöne men olaryň ýanyna barmadym. ,,Bu biziň halymyz” diýip, hiç biriniň çetinden tutup, ýüzüni sypalajak bolmadym. Sebäbi ol öň biziňkidi, indi başganyň haryt maly. Ol täze eýesine garaşýar. Men oňa eýe çykyp biljek däl.

Türkmen halylary Günbataryň uly şäherleriniň ählisinde bar. Iň bolmanda, Gündogar haly-palaslary satylýan dükanlarda duşýar.

Hawa-da, milletiň çykaryp satyp biläýjek ýeke-täk harydy – haly. Olar edil dünýäniň dürli künjegine ýaýran türkmenler ýaly. Ýöne köçede türkmene duşmak kyn, olar esasan iş orunlarynda. Halylar bolsa dükanlarda dur.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG