Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Eýran terror pidalaryna $2 milliard tölemeli


Birleşen Ştatlaryň ýokary sudunyň binasy
Birleşen Ştatlaryň ýokary sudunyň binasy

Birleşen Ştatlaryň ýokary sudy Eýranyň doňdurylan emläklerinden Tähranyň howandarlygynda geçirilen terror hüjümleriniň pidalaryna 2 milliard dollara golaý jerime tölemelidigi barada karar çykardy.

20-nji apreldäki sud 1983-nji ýylda Beýrutda bolan terror hüjüminde ölen 241 deňizçiniň garyndaşlarynyň we ABŞ sudlarynyň yslam respublikasy bilen ilteşikli hasaplaýan beýleki hüjümlerinde ölenleriň garyndaşlarynyň haýryna karar çykardy.

Federal sudlar köplenç pidalaryň haýryna karar çykarýar, emma Eýran bu kararlary ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýar.

XS
SM
MD
LG