Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow weteranlara pul sowgadyny berer


Türkmen weteranlary Ýeňiş baýramyny belleýärler, Aşgabat
Türkmen weteranlary Ýeňiş baýramyny belleýärler, Aşgabat

Türkmenistanyň prezidenti 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan ýeňişiň 71-nji ýyl dönümi mynasybetli weteranlara we uruşda wepat bolanlaryň maşgalalaryna öz adyndan pul sowgadyny bermegi tabşyrdy.

G.Berdimuhamedowyň 21-nji aprelde gol çeken permanyna laýyklykda, 200 türkmen manady (57 amerikan dollary) möçberdäki pul sowgadyny we beýleki gymmatly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmak işi welaýat, şäher we etrap häkimliklerine tabşyryldy.

Türkmenistanda uruş weteranlarynyň we uruşda wepat bolanlaryň maşgala agzalarynyň sany barada resmi maglumatlarda habar berilmeýär.

Türkmenistanda Ikinji Jahan Urşunyň tamamlanmagynyň senesiniň öňüsyrasynda we Halkara zenanlar gününiň öňýanynda ilata pul sowgadyny gowşurmak däbi 1990-njy ýyllarda Türkmenistanyň birinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow tarapyndan girizilipdi.

XS
SM
MD
LG