Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa Kiýewe eglişik edýär


Ukrain parlamenti geçen hepde Wolodimir Hroýsmany premýer-ministrlige tassyklady.
Ukrain parlamenti geçen hepde Wolodimir Hroýsmany premýer-ministrlige tassyklady.

Orsýet özüniň, Kiýewiň täze hökümetine bu babatda näme etmelidigi barada karara gelmäge wagt bermek üçin, 3 milliard dollar karzynyň doly yzyna tölenmegi baradaky talabyny wagtlaýyn togtadýandygyny aýdýar.

«Biz täze ukrain hökümetine ýagdaýa dury pikir bilen seretmek we öz pozisiýasyna gaýtadan baha bermek hem-de öz bergileri barada Orsýet bilen gepleşikleri açmak üçin uzaldylan möhlet berdik» diýip, Orsýetiň maliýe ministri Anton Siluanow 22-nji aprelde aýtdy.

Bu çäre Ukrainynyň Kiýewiň häzirki «syýasy durnuksyzlygyny» nazar almak baradaky talabyndan soň görüldi diýip, ol aýtdy.

Ukrain parlamenti geçen hepde günbatarçy spiker Wolodimir Hroýsmany premýer-ministrlige tassyklady. Ol we prezident Petro Poroşenko şindi hem öz kabinetlerini toplaýarlar

XS
SM
MD
LG