Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Çernobyl heläkçiliginiň 30 ýyllygyny belleýär


Matam çäresi, Çernobyl ýadro elektrostansiýasyndan 50 kilometr uzaklykdaky Slawutyç şäherçesi, 26-njy aprel, 2016.
Matam çäresi, Çernobyl ýadro elektrostansiýasyndan 50 kilometr uzaklykdaky Slawutyç şäherçesi, 26-njy aprel, 2016.

Ukraina 26-njy aprelde Çernobyl ýadro elektrostansiýasynyň partlamagy sebäpli dörän betbagtçylygyň 30-njy ýyl dönümini belleýär.

Dünýäniň iň aýylganç graždan ýadro heläkçiliginiň pidalarynyň hatyrasyna matam dabaralary we beýleki çäreler geçirilýär.

30 ýyl mundan ozal Çernobyl ýadro elektrostansiýasynda bolan partlamanyň netijesinde radioaktiw maddaly howa Ukrainanyň serhetleriniň daşyna Orsýete, Belarusa we demirgazyk Ýewropa ýaýrapdy.

Matam çäresi Çernobyl heläkçiliginde göçürilen işgärleri ýerleşdirmek üçin gurulan Slawutyç şäherçesinde geçiriler.

26-njy aprelde ýadro elektrostansiýasynyň golaýynda geçiriljek matam çäresine Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenkonyň gatnaşmagynyň planlaşdyrylýandygy habar berildi.

Kiýewiň kilisesinde-de matam çäresi geçiriler.

Çernobylyň töwereginde radiasiýa derejesi ýokary bolmagynda galýar.

2010-njy ýyldan bäri zeper ýetirilen reaktoryň daşynda ägirt uly gorag gurmak boýunça işler geçirilýär. Goragyň 200 tonna urany öz içinde saklamagy göz öňünde tutulýar.

Zeper ýeten reaktoryň bölekleriniň ýumrulan ýagdaýynda radioaktiw serişdeleriň ýene-de howa ýaýramagyna howatyrlanmalar bildirilýär.

XS
SM
MD
LG