Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermeni prezidenti howpsuzlygy güýçlendirmegi tabşyrdy


Ýerewan, 25-nji aprel, 2016
Ýerewan, 25-nji aprel, 2016

Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisian 25-nji aprelde Ýerewanda awtobusda bolan partlamadan soň howpsuzlygy güýçlendirmek barada polisiýa görkezme berdi. Partlama zerarly azyndan iki adam wepat boldy we ýedisi ýaralandy.

Ermenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi partlamanyň agşam sagat 10 töwereginde şäheriň merkezine golaý ýaşaýyş etrabyň Halabian köçesinde bolandygyny aýtdy.

Partlamyň sebäpleri derhal mälim edilmedi.

Milli polisiýanyň ýolbaşçysy Wladimir Gasparian partlamanyň bomba bilen bagly bolmagynyň ähtimaldygyny aradan aýyrmady. “Armenpress” täzelikler agentliginiň Gaspariana salgylanyp habar bermegine görä, partlama awtobusyň oturgyçlarynyň ikinji hatarynyň aşagynda emele gelipdir.

Derňewçiler bu oturgyçlarda oturan ýolagçylaryň şahsyýetlerini anyklamaga synanyşýarlar. AFP agentliginiň habarçysy partlamanyň awtobusy ýumurandygyny, golaýdaky jaýlaryň aýnalarynyň döwülendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG