Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belgiýa 'pariž hüjümçisini' Fransiýa tabşyrdy


Salah Abdeslamy (sagda) görkezýän wideo ýazgysyndan alnan pursat, Parižden demirgazykda ýerleşýän Ressons şäheri, 11-nji noýabr, 2015.

Parižde noýabr aýynda 130 adamyň ölümine sebäp bolan bomba partlamalarynda uly rol oýnamakda güman edilýän adam Belgiýadan Fransiýa tabşyryldy.

Iki ýurduň prokurorlary bu işiň 27-nji aprelde amala aşyrylandygyny tassykladylar.

26 ýaşly Salah Abdeslam dört aýlap gözlegde bolup, 18-nji martda tutulmagyndan ozal Ýewropada iň gözlenýän adamdy.

Abdeslam 27-nji aprelde Fransiýanyň suduna eltiler.

Derňewçiler Abdeslamyň 13-nji noýabrda Parižde bolan hüjümleriň üpjünçiligini amala aşyrandygyny we sport stadionynda özüni partlatmagy planlaşdyrandygyny, emma soňky pursatda niýetinden el çekendigini aýdandygyny mälim etdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG