Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Sowet döwrüne degişli gämi ot aldy


Kamçatkanyň çäklerindäki Wilýuçinske sebitinde sökülýän mahaly ot alan suwasty ýador gämisi.
Kamçatkanyň çäklerindäki Wilýuçinske sebitinde sökülýän mahaly ot alan suwasty ýador gämisi.

Orsýetiň Goranmak ministrligi sowet döwrüne degişli ulanyşdan galan suwasty ýadro gämisiniň ot alandygyny aýdýar.

Ministrlik ýangynyň dörändigi barada 29-njy aprelde mälim edip, bu waka “949” belgili Krasnoýarsk taslamasy bolan suwasty gämisi Kamçatkanyň çäklerindäki Wilýuçinske sebitinde sökülýän mahaly, onuň rezin gaply daşky korpusynyň ot almagy bilen ýüze çykdy diýdi.

Orsýetiň Federal informasiýa we analiz merkeziniň daşky-gurşawa gözegçilik baradaky bölüminiň başlygy Waleriý Kosyh 29-njy aprelde “Interfax” habar agentligine maglumat berip, Wilýuçinskde radiasiýa derejeleri boýunça “hiç hili üýtgeşme hasaba alynmady” diýdi.

Krasnoýarsk suwasty gämisi 1983-nji ýylda gurlup, 1986-njy ýylda ulanyşa berlipdi.

XS
SM
MD
LG