Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Watan hakda mukam


Türkmen professional saz sungatynda ilkinji uly göwrümli eserler döreden, ony halkara derejesinde ykrar etdirip bilen Welimuhammet Muhadowyň doglan gününe 100 ýyl dolýar.

Borç

Beýik kompozitor Aşgabadyň etegindäki Bagyr obasynda, 1916-njy ýylyň 5-nji maýynda dünýä inipdi. Kakasy Muhat aga daýhançylygyň gapdalyndan, dutar ussasy bolupdyr. Ol saz çalmagy-da başarypdyr.

Türkmen kompozitory Welimuhammet Muhadow.
Türkmen kompozitory Welimuhammet Muhadow.

Öz ýurdunda başlangyç bilim alan Weli 1941-nji ýylda Moskwa konserwatoriýasynyň ýanyndaky milli türkmen bölüminde okapdyr. Soňra urşa gidipdir. Pyýada goşun bölüminde gulluk edipdir. Uruşdan soňky ýyllarda şol Moskwa konserwatoriýasynyň kompozitorçylyk bölümini tamamlap, kämil ýokary bilim alypdyr.

Uruş hem uruşdan soňky ýyllarda ençeme saz eserlerini, aýdymlary ýazýar. 1946-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet gimnini döredýär. Bu beýik eser türkmen halkynyň buýsanjyna öwrüldi.

Döwrüň talaby

Ikinji Jahan urşundan soňky ýyllarda türkmen halkynyň durmuşynda ýokary göteriliş zamany boldy. Ykdysadyýetde hem medeniýetde emele gelen janlanyş halkyň ruhuny dikledi.

Şol galkynyşy saz sungatynda beýan etmek üçin, täze mümkinçilikler gerekdi. Ony döretmelidi hem ýola goýmalydy.

Weli Muhadow döwrüň talabyna hötde geldi. Halk durmuşyny beýan edýän ,,Türkmen sýuitasy” emele geldi. Eser agyr kynçylyklaryň, dagynyklygyň hem horlugyň aşagyndan galkynyp çykan milletiň ruhundaky täzeçe owazdy. Ol halkyň kalbyndan dörän bitewi owaza meňzeýärdi.

Watan temasy onuň döredijiliginde esasy orun aldy.

,,Meniň Watanym”

Weli Muhadow 1950-nji ýylda “Meniň Watanym” simfoniki poemasyny döretdi. Aslynda şeýle temany ençeme beýik kompozitor işledi. Şu temadan, şol bir at bilen köp saz eserleri bar. Olardan çeh kompozitory B. Smetananyň birnäçe simfoniki poemany özünde jemleýän “Meniň Watanym” eserini bilmeýän az-azdyr. Her ýyl çeh döwletiniň döredilen güni ol eser çalnanda, ony diňlemäge ýurduň prezidenti ýörite gelýar. Çehiýadaky aýdym-saz baýramçylyklary köplenç B. Smetananyň “Meniň Watanym” eseri bilen başlanýar.

Özümize dolansak, döwrümiziň belli saz ýolbaşçysy, Russiýa Federasiýasynyň halk artisti Myrat Annamämmedow öz ýubileý konsertinde, W. Muhadowyň “Meniň Watanym” eseriniň bolmagyny isläpdir. Ol Ýaroslawl akademiki simfoniki orkestrine ýolbaşçylyk edip, bu beýik eseri çalyp bilendigini buýsanyp gürrüň berýär.

Watan diýen düşünjäniň çuň bolşy ýaly, ol barada ýazylan eserler hem köp we dürli-dürli. Bu temany W. Muhadow bilen deňeçer Aşyr Kulyýew işläpdi hem “Güneşli ülke” atly uly göwrümli saz eserini döretdi. Soňra zehinli kompozitor Nury Halmämmedow “Türkmenistanyň şekilleri” atly simfoniýasy ol däbi dowam etdirdi.

W. Muhadowyň “Meniň Watanymy” çuň mazmuny hem taryhylygy bilen tapawutlanýar.

Ýekelikde gamgyn owaz bilen başlanýan bu eser halk durmuşyny janlandyrýar. Ol ýerde söýgi-de, göreş hem, galagoply ýyllaryň zaryn owazy-da, ýaşlyk, parahat durmuşyň joşguny-da, garaz, geçen we dowam edýän durmuş bar.

Kompozitoryň “Türkmen sýuitasy” hem “Meniň Watanym” 1950-51-nji ýyllarda yzly-yzyna SSSR-iň Döwlet baýraklaryna mynasyp boldy. Munuň seýrek duşýan hadysadygyny aýtdylar.

Mukamlar

Biziň halkymyz asyrlar boýy mukamlar bilen ýaşap gelipdir. Mukam bolsa ýakymly owazdan hem aýdymdan durýar. Şu babatda W. Muhadow halkyň höwesini nazardan salmady.

Onuň ,,Zöhre-Tahyr”, ,,Kemine we kazy”, soňraky döreden ,,Ganly saka” operalaryndan ençeme ariýalar meşhur aýdymlara öwrüldi. Olary iň tanymal aýdymçylar aýdyp geldi.

Döwürdeş şahyrlaryň goşgulary esasynda, ençeme aýdym ýazdy. Olardan ,,Söýgülim gelýär”, ,,Ilki söýgim nirde sen” ýaly aýdymlar örän meşhur boldy.

Ol öwran-öwran halkyň taryhyna dolandy. W. Muhadowyň ,,Ganly saka” operasyna saz bilermenleri örän ýokary baha berdiler. ,,Magtymguly” simfoniki poemasynda, türkmen dutarynyň tapgyr-tapgyr gelýän aýratyn owazy bar. Ol dutar owazlary arkaly simfoniki sazda, Magtymgulynyň durmuşdaky beýik ornuny beýan edýär.

Soňky döwürde döreden ,,Gahrymançylyk” hem ,,Eneler” simfoniýalaryny-da ýatlamak gerek. Dürli çeşmeler bu ussadyň 200-den gowrak eser döredendigini ýazýarlar.

Beýik kompozitor, Zähmet Gahrymany, görnükli jemgyýetçilik işgäri Welimuhammet Muhadow 2005-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda, ýalňyzlykda aradan çykdy.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG