Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstraliýa YD-nyň baş agzasynyň öldürlendigini aýdýar


Yragyň Anbar welaýaty
Yragyň Anbar welaýaty

“Yslam döwleti” (YD) toparyna adam çekýän esasy baş agzasy ABŞ-nyň Yrakda amala aşyran howa hüjümleriniň netijesinde öldürildi. Bu ýagdaý söweşiji toparyň täze söweşijileri çekmek ukybyny gowşatdy, diýip Awstraliýanyň hökümeti 5-nji maýda aýtdy.

ABŞ Awstraliýada birnäçe hüjümlere gatnaşygy bolan we ABŞ garşy hüjümlere çagyran Neil Prakaşyň 29-njy aprelde Mosulda howadan amala aşyrylan hüjümde öldürilendigi barada Awstraliýanyň resmilerini habarly etdi.

Melbournda doglan Prakaş YD toparyny propaganda edýän wideolarda we žurnallarda çykyş edýärdi we awstriýaly aýallary, erkek adamlary we çagalary hakyna tutmak we terrorçylykly hereketlere baş goşmak boýunça aktiw iş alyp barýardy.

Awstralia geçen ýylda Prakaşa garşy maliýe sanksiýalaryny yglan etdi we oňa ýardam berýän her bir adamyň 10 ýyl türme tussaglygyna höküm ediljekdigini duýdurdy.

BMG-niň sanksiýalar sanawyna girizilen Prakaşyň 2014-nji ýylda Siriýada ornaşandygy aýdylypdy.

XS
SM
MD
LG