Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meredow suw, energiýa komissiýasyny döretmäge çagyrdy


 Reşit Meredow
Reşit Meredow

Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow şenbe güni Tähranda eýranly kärdeşi Jawad Zarif bilen duşuşyp, iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny we beýleki hyzmatdaşlyklary giňeltmek barada gepleşik geçirdi. Bu barada Eýranyň metbugaty (MNA) habar berdi.

Jawad Zarif iki ýurduň arasyndaky söwda balansynyň gowudygyny we geljekde kesgin ýokarlanjakdygyny aýdypdyr.

Taraplar regional meseleler, terrorizme we ekstremizme garşy göreş, suw meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk barada hem gepleşdi diýip, habarda aýdylýar.

Reşit Meredow öz gezeginde kitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha beripdir we, Eýranyň, Türkmenistanyň we Owganystanyň regiondaky suw we energiýa mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga goşant goşup biljekdigini aýdyp, suw we energiýa meselesinde üç taraply komissiýa döretmegi teklip edipdir.

Şeýle-de ol serhetde neşe gaçakçylygyna garşy göreş boýunça tejribeleri paýlaşmaga çagyrypdyr.

Türkmenistan golaýda aýratyn uly möçberde neşe tutandygyny habar berdi, emma ol neşeleriň nireden getirilendigini aýtmady.

XS
SM
MD
LG