Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýa ýadro ýaragyny ilki ulanman diýýär


Kim Işçiler partiýasynyň kongresinde çykyp gürledi.
Kim Işçiler partiýasynyň kongresinde çykyp gürledi.

Demirgazyk Koreýanyň lideri öz ýurdunyň ýadro ýaraglaryny diňe özygtyýarlylygy bozulan halatynda ilkinji bolup ulanjakdygyny aýdýar.

Kim Jong Un 8-nji maýda özüniň «duşmançylykly» döwletler bilen gatnaşyklary gowulandyrmaga taýýardygyny hem sözüne goşdy.

Ol Günorta Koreýany gepleşiklere, Birleşen Ştatlary bolsa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara goşulmazlyga çagyrdy.

Kim Phenýanda, Işçiler partiýasynyň kongresinde çykyp gürledi.

Demirgazyk Koreýa golaýda geçiren ýadro we uzak aralyga ýetýän raketa synaglaryndan soň ýygjam diplomatik basyş astyna düşdi.

XS
SM
MD
LG