Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Ýeňiş güni dabaralarynda çagalar ‘täsin roly’ ýerine ýetirýär


Ikinji jahan urşunyň kostýumlary 950 ($14.50) rubldan täze doglan çagalar üçin hem satylýar.
Ikinji jahan urşunyň kostýumlary 950 ($14.50) rubldan täze doglan çagalar üçin hem satylýar.

Orsýetde 9-njy maý Ýeňiş güni hem häkimiýetler hem-de ýurduň ilaty üçin esasy baýramçylyk güni we buýsanç çeşmesidir.

Bu wakanyň hormatyna hemmelere resmi dynç alyş güni berilýär, mekdep okuwçylary hem "meýletin" harby paradlara, ýerli weteranlara konsert bermäge we resmi dabaralara gatnaşmaga çagyrylýar.

Ýöne bu ýyl bu buýsanja gatnaşmak üçin käbir çagalar täsin ýagdaýlary başdan geçirmeli boldular.

Mysal üçin, Samarada bir topar ýaş kinoçy özleriniň watanparazdyklaryny görkezmek üçin Ýeňiş gününi tema edinip, bir gysgaça film döretdiler. Onda sowet harby eşigini geýnen on ýaşly bir oglanyň ruhy görünýär.

"Ölmek gorkunç zatmy"

Ýaş çagalar bu ruha sataşanlarynda ol kakasynyň urşa gidendigini, ejesine hem faşistleriň ölüm jezasyny berendigini tukatlyk bilen gürrüň berýär.

Ol çagalardan aýrylyp, gidiberende bir gyz ondan: "Ölmek gorkunç zatmy" diýip soraýar.

Oglanyň ruhy yzyna garap: "Bu möhüm däl, möhümi biziň ýeňiş gazanandygymyz" diýýär.

Wideony görenleriň käbiri bu çagalara watan üçin ölmeli diýen pikiri wagyzy edýär diýip, ör-gökden geldiler. Wideony ilkibaşda ýerleşdiren "YouTube" hem ilki tankytdan doly teswir bölümini, soňra hem tutuş wideonyň özüni aýyrdy.

Ýöne çagalar bilen baglanyşykly "ÝouTubä" iberilen başga bir wideo ölüm meselesinde mundan hem aňry geçýär. Wideonyň başynda 10 ýaşly Anýa peýda bolup, atasynyň öten ýyl aradan çykandygyny, özüniň onuň durmuş hekaýasyny gürrüň bermek isleýändigini aýdýar. Anýa bir urnany, ýagny gaby görkezip, onuň içinde atasynyň ýakylan jesediniň külüniň bardygyny aýdýar.

Sowet esgerleri ýaly geýinmek

Ol soňra hem gara materiallar çaşyp ýatan ýerde oturyp, atasynyň Ikinji jahan urşunda eden gahrymançylykly işlerini gürrüň berýär.

6-njy maýda hususy diýlip yglan edilmezinden öň "YouTubde" 230 müň gezek görlen wideo, görnüşine görä, ozal ady henize çenli näbelli bir filmiň bir bölegi hökmünde döredilipdir.

Bu wideo Twitterde köplenç masgaralandy.

Wideo döretmäge gurby çatmaýanlaryň käbiri bolsa öz çagalaryny sowet esgerleri ýaly geýindirip, Ikinji jahan urşunyň weteranlaryny dabaralandyrmaga synanyşdylar. Ýörite çagalar üçin öndürilen harby formalary Internetiň üsti bilen näçe diýseň satyn alyp bolýar.

Kostýumlar 950 rubldan satylýar

Bir “Wkontakte” topary erkek oglanlara niýetlenen ähli ululykdaky kostýumlary satýar. Bir ýaşyndaky çaga bolýan kostýumyň bahasy 1800 rubl.

Orsýetli fotosuratçy Ýelena Anisimowa maşgala suratlary üçin bu formalaryň ençemesini satyn alypdyr. Bular "Men bir gahrymanyň enesi" atly surat ýygyndylarynda ulanylýar. Anisimowa bu suratlar üçin müň rubl alýar.

Surata düşürilen bir oglan bilen bir gyzyň ejesi bu işiň çagalary begendirendigini aýdýar. Ol: "Kirill hemmelere özüniň esger bolandygyny gürrüň berdi" diýip ýazýar.

Ikinji jahan urşunyň kostýumlary 950 rubldan täze doglan çagalar üçin hem satylýar. Ýöne bu kostýumlary öndürenler olaryň diňe surata düşmek üçindigini, şol sebäpden ýatylanda ýa oýun oýnalanda geýilmeli däldigini aýdýarlar.

Görkezmede: "Düwmeler we ýyldyz hakyky, olar metaldan edilen. Şol sebäpden bu kostýumdaka çagany ýeke goýmazlygy maslahat berýäris" diýilýär.

XS
SM
MD
LG