Halkara Walýuta fondunyň (HWF) başlygy Kristin Lagard (Christine Lagarde) dünýäde her ýyl para hökmünde berilýän puluň möçberi 1,5-2 trillion amerikan dollaryna ýa-da global ykdysady önümçiliginiň 2%-ne deň diýdi.
“Korrupsiýa ykdysadyýete ýaramaz täsir ýetirip”, ilatyň garyp gatlagy üçin çäksiz zerur bolan bilim, saglygy saklaýyş we beýleki pudaklara maliýe çykdajysynyň az sarp edilmegine sebäp bolýar diýip, Lagard 11-nji maýda çap eden açyk hatynda aýtdy.
Şeýle-de, ol “korrupsiýa gönüden-göni edilýän harçlamalardan we onuň global ykdysadyýete ýetirýän täsirinden başga hem, gyýtaklaýyn harçlamalar has möhüm we gowşadyjy bolup, ösüşiň pese gaçmagyna we ägirt uly girdeji deňsizligine sebäp bolup biler” diýdi.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!