Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: ‘PKK’ bilen çaknyşyklarda sekiz esger öldi


Türkiýäniň Hakkari welaýatyndaky harby dikuçary.
Türkiýäniň Hakkari welaýatyndaky harby dikuçary.

Türkiýäniň harby güýçleri ýurduň günorta-gündogarynda aglaba kürtleriň ýaşaýan ýerinde ýüze çykan soňky ýowuzlyklarda sekiz sany hökümet esgeriniň we Kürdüstanyň Işçileri partiýasynyň (PKK) alty agzasynyň ölendigini aýdýarlar.

Türk armiýasynyň 13-nji maýda ýaýradan beýanatynda Hakkari welaýatynda “PKK” söweşijileri bilen bolan çaknyşyklarda alty esgeriň öldürilendigi we başga-da sekiz sanysynyň ýaralanandygy aýdylýar.

Şeýle-de, beýanatda Hakkaride tehniki meseleler sebäpli harby dikuçaryň heläkçilige uçramagy netijesinde başga-da iki esgeriň ölendigi bellenilýär.

“PKK”-nyň alty söweşijisi regionda geçirilen operasiýalar döwründe öldürildi diýlip, türk armiýasynyň beýanatynda nygtalýar.

2015-nji ýylyň iýul aýynda türk hökümeti bilen “PKK”-nyň arasyndaky gowşak parahatçylyk prosesi şowsuz bolany bäri Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky ýowuzlyklar artdy.

XS
SM
MD
LG