Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz kanunçykaryjylary dawaly kanun taslamasyny ret etdiler


Gyrgyzystanyň parlament binasy.

Gyrgyzystanyň parlamenti daşary ýurtlar tarapyndan maliýeleşdirilýän döwlete degişli däl guramalar baradaky kanun taslamasyny ret etdi.

12-nji maýda kanun taslamasynyň üçünji diňlenişiginden soň, oňa gyrgyz kanunçykaryjylarynyň 65-si garşy, 46-sy goldap ses berdi. Hukuk goraýjy aktiwistleri bu kanun taslamasyny diskriminasiýa diýip ýazgaryp, munuň halklara adam hukuklarynyň standartlaryna gapma-garşy gelýändigini aýdypdylar.

Ilkibada 2013-nji ýylda teklip edilen bu kanun taslamasy Orsýetiň 2012-nji ýyldaky “daşary ýurt agentleri” baradaky kanunyna esaslanýardy. Döwlete degişli däl guramalar bu kanunyň dissidentleriň sesini basdyrmak üçin ulanylýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG