Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aliýew, Sarkisiýan Wenada duşuşýar


Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew (çepde) we Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisiýan. 2009 ý.
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew (çepde) we Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisiýan. 2009 ý.

Azerbaýjanyň we Ermenistanyň prezidentleri Azerbaýjanyň Daglyk-Garabag regionyndaky ok atyşygy bes etmek baradaky yrga ylalaşygy maslahat etmek üçin 16-njy maýda Wenada duşuşýarlar.

Aprel aýynyň başynda Daglyk-Garabag sebitinde soňky iki on ýyllygyň dowamyndaky iň ýowuz çaknyşyklar bolany bäri, Serž Sarkisiýan we Ylham Aliýew ilkinji gezek ýüzbe-ýüz duşuşýarlar.

“AFP” habar agentligi, Wenada Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň we Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerriniň Siriýa we Libýa barada köptaraplaýyn gepleşikleri geçirýändigini we olaryň Ermenistanyň we Azerbaýjanyň prezidentleri bilen hem duşuşjakdygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG