Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Owgan-talyban parahatçylyk gepleşikleri geçirilýär


Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň agzasy.
Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň agzasy.

18-nji maýda Pakistan dört ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda “Talyban” hereketi bilen owgan hökümetiniň arasyndaky gepleşiklere gaýtadan başlamagy maksat edinýän parahatçylyk gepleşikleriniň täze tapgyryny geçirýär.

Pakistanyň Daşary işler ministrligi gepleşikleriň Yslamabatda geçirilýändigini aýtdy, emma bu barada jikme-jik maglumat bermedi.

Owganystanyň Pakistandaky ilçisi Omar Zahilwal Azatlyk Radiosynyň Owganystan gullugyna beren maglumatynda özüniň Kabula wekilçilik etjekdigini we gepleşiklere Pakistanyň, Birleşen Ştatlaryň we Hytaýyň resmileriniň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Bu dört ýurduň resmileri şu ýylyň ýanwar aýyndan bäri “Talyban” hereketiniň wekillerini gepleşiklere gatnaşdyrmaga synanyşýarlar.

XS
SM
MD
LG