Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistanda alty jeňçi öldürildi


Bahauddin Zakariýa uniwersiteti, Multan

Pakistan resmileri polisiýanyň merkezi welaýat Panjapda, uniwersitete garşy planlaşdyrylan hüjümiň öňüni alyp, alty sany yslamçy jeňçini öldürendigini aýdýar.

Terrora garşy göreş polisiýasynyň resmileri polisiýanyň 20-nji maýda, Multan şäheriniň golaýynda jeňçiler bilen atyşyga girendigini aýtdy.

Resmileriň aýtmaklaryna görä, jeňçiler Bahauddin Zakariýa uniwersitetine hüjüm etmekçi bolupdyrlar.

Bu hadysa 18-nji maýda, howpsuzlyk güýçleriniň Nawabpur obasynyň ýanynda jeňçi diýilýän sekiz adamy öldürmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG