Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň prezidenti Hirosima taryhy sapar edýär


Barak Obama (ç) atom bombasynyň hüjüminde diri galan Şigeaki (s) Mori bilen gujaklaşýar, Hirosima, 27-nji maý, 2016
Barak Obama (ç) atom bombasynyň hüjüminde diri galan Şigeaki (s) Mori bilen gujaklaşýar, Hirosima, 27-nji maý, 2016

Barak Obama ABŞ-nyň häkimiýet başyndaky ilkinji prezidenti bolup, dünýäniň ilkinji atom hüjüminiň amala aşyrylan ýerine Hirosima bardy.

Ýaponiýada geçirilýän “Uly ýedilik" toparynyň sammitinden soň Obama Hirosimada wepat bolanlaryň ýadygärligine gül goýar.

Bu dabara atom bombasynyň partlamasynda aman galanlar hem goşularlar.

ABŞ-nyň prezidenti saparyň Ikinji Jahan Urşunda wepat bolanlaryň ählisiniň hatyrasyna matam tutmak üçin geçirilýändigini aýtdy, emma atom bombasynyň synanylmagy üçin ötünç soramajagyny aýtdy.

ABŞ-nyň “B-29” kysymly uçarynyň 1945-nji ýylyň 6-njy awgustynda howadan atan 15 kilotonnaly bombasy bir wagtyň özünde 80 müň adamy öldüripdi.

Mundan üç gün soň ikinji bombanyň Nagasaki şäherine atylmagyny Ikinji Jahan Urşunyň has ir tamamlanmagy bilen baglanyşdyrýarlar.

XS
SM
MD
LG