Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rasmussen Ukrainada 'elden gelenini eder'


Anders Fogh Rasmussen

NATO-nyň ozalky baş sekretary Anders Fogh Rasmussen öz täze işinde, ukrain prezidenti Petro Poroşenkonyň geňeşçisi wezipesinde «howpsuzlygy, ykdysady reformalary we ÝB bilen berk gatnaşyklary güýçlendirmek babatda elinden gelenini» etjekdigini aýdýar.

Rasmussen bu beýanaty 29-njy maýda, Poroşenko onuň wezipä bellenendigini yglan edeninden bir gün soň, feýsbukda etdi.

Poroşenkonyň beýanatyndaRasmusseniň anyk haýsy meselelerde geňeş berjekdigi aýdylmaýar.

Rasmussen gündogar Ukrainadaky «howpsuzlyk ýagdaýyny» «howsalaly» diýip häsiýetlendirýär. Şeýle-de ol Ukrainanyň korrupsiýa garşy göreşmelidigini we reformalary durmuşa geçirmelidigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG