Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yragyň güýçleri Falluja hüjüm etmäge taýýarlanýarlar


Yragyň howpsuzlyk güýçleri Fallujanyň daşynda goşun topladylar, 24-nji maý, 2016
Yragyň howpsuzlyk güýçleri Fallujanyň daşynda goşun topladylar, 24-nji maý, 2016

Yragyň harbylary öz güýçleriniň “Yslam Döwleti” toparynyň gözegçiligindäki Falluja şäherine hüjüm etmäge taýýarlanýandygyny aýdýarlar.

30-njy maýda Fallujanyň Naimiýah etrabynda partlamanyň we okuň sesiniň eşidilendigi barada habar berildi.

Bagdatdan 70 kilometr uzaklykda ýerleşýän esasan sünni ilatly Fallujada häzirki wagtda 50 müň çemesi ýaşaýjynyň bar bolmagy çak edilýär.

Yragyň güýçleri Eýran tarapyndan goldanýan şaýy söweşijileriniň, şeýle-de ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň goldawyna daýanyp, Fallujany eýelemek boýunça çärelerine 22-nji maýda başlapdy.

Yragyň harby ofiseriniň 29-njy maýda aýtmagyna görä, hökümet goşuny harby çäresine başlaly bäri şäheriň daşyndaky territoriýanyň 80%-ni eýeläpdir.

Falluja 2014-nji ýylyň ýanwar aýynda söweşijileriň gözegçiligine geçen ilkini şäher boldy. Mundan alty aýdan soň olar Yrakda we Siriýada eýelän territoriýada halifat döredýändigini yglan etdiler.

XS
SM
MD
LG