Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýyldyrym Germaniýanyň rezolýusiýasy 'gelşiksiz' diýdi


Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýyldyrym, Ankara, 24-nji maý, 2016.
Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýyldyrym, Ankara, 24-nji maý, 2016.

Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýyldyrym Germaniýanyň parlamentiniň Osman imperiýasynda ermenileriň köpçülikleýin gyrylmagyny “genosid” hökmünde ykrar etmek baradaky rezolýusiýasyny “gelşiksiz” diýip atlandyrdy we onuň kabul edilmeginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklara zeper ýetirip biljekdigini belledi.

Germaniýanyň kanun çykaryjylarynyň bir asyr mundan ozal Osman imperiýasynda 1.5 million ermeniniň türk güýçleri tarapyndan gyrylmagy barada simwolik rezolýusiýany 2-nji iýunda kabul etmegine garaşylýar.

Ýyldyrym 1-nji iýunda eden bu çykyşynda şu hepdäniň başynda Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdoganyň aýdanlaryny gaýtalady.

Erdogan 31-nji maýda eden çykyşynda rezolýusiýanyň kabul edilmeginiň Ankaranyň we Berliniň arasynda diplomatik, syýasy, söwda we harby gatnaşyklara zyýan ýetirip biljekdigini belledi.

Geçen asyryň başynda Osman türkleriniň 1.5 million ermenini öldürmegi we deportasiýa etmegi bilen ýagdaýa köp taryhçylar we ençeme ýurt genosid hökmünde seredýärler.

XS
SM
MD
LG