Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

UNICEF: Fallujada çagalar zorluga duçar bolýar


Bosgun cagalar, Yrak
Bosgun cagalar, Yrak

BMG-niň UNICEF çagalar agentligi hökümet güýçleri Falluja şäherini eýelemek boýunça söweş alyp barýarka şäherde azyndan 20 müň çaganyň gabawda galýandygyny aýtdy.

“Biz aşa zorlukly ýagdaýda çagalaryň goragy barada aladalanýarys” diýip UNICEF agentliginiň Yrakdaky wekili Peter Hawkins 1-nji iýunda eden beýannamasynda aýtdy.

Gabawdaky şäherde “çagalara mejburlyk bilen söweşlere çekilmek töwekgelçiligi abanýar”, diýip Hawkins aýtdy. Şeýle-de onuň bellemegine görä, çagalaryň şäherden äkidilen ýagdaýynda “öz maşgalalaryndan jyda düşmegi hem ähtimal”.

Yragyň güýçleri şaýy söweşijileriniň we ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň howa hüjümlerine daýanmak bilen 23-nji maýda Falluja şäherini söweşijileriň elinden almak boýunça çärä başladylar.

Falluja 2014-nji ýylda ekstremist sünni söweşiji toparyň gözegçiligine geçen Yragyň ilkinji şäheri bolupdy. BMG şäherde 50 müň çemesi adamyň galýandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG