Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gunduz: 'Talyban' iki zamuny öldürdi


Owganystanyň ýaşyllar hereketi "Talybanyň" awtobus ýolagçylaryna eden hüjümine garşy protest geçirýär, Kabul, 2-nji iýun, 2016.

Demirgazyk Owganystanyň Gunduz welaýatynyň resmileri “Talybanyň” söweşijileriniň şu hepdede awtobuslara hüjüm edip, zamun alan iki adamy öldürendigini habar berdiler.

Gunduzyň polisiýasynyň metbugat-wekiliniň Hejratullah Akbariniň 2-nji iýunda aýtmagyna görä, iki öldürilen zamunyň jesetleri 1-nji iýunda ýoluň gyrasynda tapylypdyr.

Akbariniň sözlerine görä, howpsuzlyk güýçleri zamun galýan ýene sekiz adamy boşatmak barada operasiýa başlapdyr.

31-nji maýda “Talybanyň” söweşijileri Gunduzyň gara ýolundan barýan awtobuslara eden hüjüminiň netijesinde azyndan 13 adamy öldürdiler we ençeme adamy zamun aldylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG