Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa ermenileriň genosidini ykrar etdi


Germaniýanyň parlamenti Bundestag, Berlin, 2-nji iýun, 2016
Germaniýanyň parlamenti Bundestag, Berlin, 2-nji iýun, 2016

Germaniýanyň parlamentiniň aşaky öýi Birinji Jahan Urşy döwründe Osman imperiýasynda ermenileriň gyrgyna berilmegini “genosid” diýip ykrar etdi we Osman imperiýasynyň mirasdüşeri Türkiýäni gahar-gazaba saldy.

2-nji iýunda Bundestagyň kabul eden simwoliki häsiýetli bäş sahypalyk rezolýusiýasynda “1915-1916-nji ýyllarda ermenileriň we beýleki hristian azlyklaryň genoside sezewar edilmeginiň hatyrasyna matam tutmaga” çagyryş edilýär. Gyrgyna berilen adamlaryň sany 1.5 million diýlip kesgitlenýär.

Türkiýe şol wakalara halkara derejesinde “genosid” hökmünde garalmagyna çürt-kesik garşy çykyş edýär.

Ses berişlikden soň Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlýut Çawusoglu Germaniýa “jogapkärçiliksiz we esassyz” kararlar arkaly öz garaňky taryhynyň üstüni gömmek isleýär diýip çykyş etdi.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýip Erdogan Ankaranyň Germaniýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň bozulmagynyň ähtimallygy barada gaýtalap duýduryş etdi.

XS
SM
MD
LG