Siriýa goşunynyň, ruslaryň goldawynda «Yslam döwleti» toparyna edýän hüjümini ilerledip, Rakka welaýatyna girendigi aýdylýar.
Siriýanyň urşa syn edýän Adam hukuklary obserwatoriýasynyň 4-nji iýunda beren maglumatyna görä, ruslaryň «Yslam döwletiniň» jeňçileriniň Hama welaýatynyň gündogaryndaky territoriýasyna 3-nji iýunda uran howa zarbasyndan soň, Siriýanyň goşuny Rakka welaýatynyň gyrasyndan girmäge mümkinçilik aldy.
Rakka şäheriniň özi has gündogarda we ol ekstremist toparyň Siriýadaky paýtagty diýip bilinýär.