Orsýetiň parlamentiniň ýokarky palatasynyň spikeri Orsýet bilen Belarus ikitaraplaýyn söwdanyň görnetin aşaklamasynyň öňüni almak üçin bilelikde işlemeli diýdi.
Welentina Matwiýenko 4-nji iýunda, Belarusa sapary mahalynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň golaýda 15 prosent çemesinde aşak gaçandygyny, muňa esasan ýerli pullaryň hümmetiniň peselmeginiň we «dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýyň» sebäp bolandygyny aýtdy.
25 ýyl çemesi ozal döwlet bileleşigini guran Belarus we Orsýet, energiýa bahalarynyň aşak gaçmagy we Orsýete garşy girizilen halkara ykdysady sanksiýalar sebäpli zyýan çekdi.
Bu iki ýurt Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň hem agzasy bolup durýar.
Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!