Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Musulmanlar Remezan aýyny belläp başladylar


Musulmanlar Remezan aýynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda azyk satyn alýarlar, Pakistanyň Karaçi şäheri, 5-nji iýun, 2016.
Musulmanlar Remezan aýynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda azyk satyn alýarlar, Pakistanyň Karaçi şäheri, 5-nji iýun, 2016.

Dünýäde millionlarça musulman 6-njy iýunda Remezan aýynyň başlanmagy bilen agyz bekläp başladylar.

Saud Arabystanynyň häkimiýetleri 5-nji iýunda agşam köne aýyň dolup, täze Remezan aýynyň 6-njy iýunda başlanýandygyny yglan etdiler.

Şeýle beýannamalar dünýäniň iň köp musulman ilatly Indoneziýada, şeýle-de Müsürde, Iordaniýada, Katarda, Owganystanda we beýleki ýurtlarda edildi.

Remezan aýy 6-njy iýunda Merkezi Aziýa ýurtlarynda hem başlandy.

Musulmanlar aý hasabyny ulanýarlar, şu sebäpden Remezan aýynyň dürli ýurtlarda bir-iki günlük aratapawut bilen başlanmagy mümkin.

Remezan aýynyň dowamynda oraza tutýan musulmanlar gün çykyp, batýança naharlanmakdan, suwuklyk içmekden we jynsy gatnaşykdan saklanýarlar.

Remezan aýy dinçileri Hudaýa ýakynlaşdyrmak we ejir çekýänler barada ýatlatmak üçin niýetlenýär.

XS
SM
MD
LG