Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada söweş uçary ýere gaçy


'Suhoi Su-27' kysymly ucaryň ýere gaçan ýeri, Moskwa regiony, 9-njy iýun, 2016.
'Suhoi Su-27' kysymly ucaryň ýere gaçan ýeri, Moskwa regiony, 9-njy iýun, 2016.

Orsýet “Suhoi Su-27” kysymly söweş uçarynyň Moskwa regionynda heläkçilige uçrap, pilotyň wepat bolandygyny habar berdi.

Goranmak ministrliginiň 9-njy iýunda aýtmagyna görä, Orsýetiň howa güýçlerine degişli howada pilotaž ussatlygy boýunça maşklary görkezýän “Russkiýe witýazi” toparynyň düzümindäki uçar öz bazasyna barýan wagtynda ýere gaçypdyr.

Ministrlik uçaryň içinde hiçi harby serişdeleriň bolmandygyny we onuň ýere gaçmagynyň zyýan ýetirmändigini aýtdy.

Goranmak ministrliginiň derňew komissiýasy heläkçiligiň bolan ýerinde işleýär we onuň sebäplerini anyklamaga çalyşýar.

XS
SM
MD
LG