Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Howpsuzlyk güýçleri Aktobede bäş 'terrorçyny' öldürdi


Terrorçylyga garşy ýörite operasiýanyň dowamynda, Aktobe, 10-njy iýun, 2016.
Terrorçylyga garşy ýörite operasiýanyň dowamynda, Aktobe, 10-njy iýun, 2016.

Gazagystanyň howpsuzlyk güýçleri Aktobede söweşiji bolmakda güman edilen bäş adamy öldürdiler. Ýurduň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän bu şäherde hepdäniň başynda bolan hüjümde hem onuň yzýanynda azyndan 25 adam wepat bolupdy.

Milli howpsuzlyk komitetiniň beýannamasynda ýörite güýçleriň 10-njy iýunda bir jaýa hüjüm edip, dört "terrorçyny" öldürendigi habar berildi.

Şeýle-de maglumatda köçede polisiýany oka tutan ýene bir adamyň atylyp öldürilendigi aýdyldy.

Milli howpsuzlyk gullugy reýdde oka tutulanlaryň 5-nji iýunda bolan hüjümlere gatnaşmakda güman edilýän adamlardygyny aýtdy we hüjümçi bolmakda güman edilýän sany takyklaşdyrylmadyk adamlaryň henizem gözlenýändigini habar berdi.

Häkimiýetler Aktobedäki hüjümlere jogapkär toparyň adyny agzaman, hüjümçileri “radikallar” diýip atlandyrdy.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew 8-nji iýunda eden çykyşynda hüjümçileriň ýurduň daşyndan instruksiýa alandygyny aýdyp, olary “radikalsyraýan” hereketiň agzalary hökmünde häsiýetlendirdi. Şeýle häsiýetlendirme yslamçy söweşijileri atlandyrmak üçin Gazagystanda giňden ulanylýar.

XS
SM
MD
LG