Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 12-nji iýunda bellenilýän Orsýet gününde alymlara, hudožniklere we edebiýatçylara 2015-nji ýyl üçin Russiýa Federasiýasynyň Milli sylaglaryny gowşurýar.
Bu 1990-njy ýylda Orsýetiň döwlet özbaşdaklygynyň jar edilen gününden bäri milli baýramçylyk hökmünde bellenilýän çäreleriň diňe biridir.
Moskwada, Kremliň uly zalynda gowşuryljak baýraklaryň arasynda 5 million rubl ($76,500), medallar we hormat hatlary bar.
Orsýet Federasiýanyň Milli baýragy döwlet sylagy bolup, Sowet Soýuzy darganyndan soň, 1992-nji ýylda döredildi.
Garaşsyz Lewada merkeziniň geçen ýyldaky pikir barlagyna görä, Orsýet gününi ilatyň diňe üç prosenti ýylyň möhüm baýramçylyklarynyň hataryna goşýar.