Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwan: Hizballahyň maliýe krizisi bilen bagly banka hüjüm edildi


Blom bankyň öňünde bolan partlamanyň netijesi, 13-nji iýun, 2016.
Blom bankyň öňünde bolan partlamanyň netijesi, 13-nji iýun, 2016.

12-nji iýunda Beýrutyň merkezinde bankyň edarasynda bolan bomba partlamasy binanyň ýumrulmagyna getirdi.

Liwanyň Gyzyl haj guramasy Blom bankyň daşynda bolan partlamanyň netijesinde iki adamyň ýaralanandygyny, hiç kimiň ölmändigini habar berdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

ABŞ-nyň banklardan şaýylaryň Hizballah syýasy toparynyň maliýe üpjünçiligini nyşana almagy talap edýän kanuny kabul etmeginden soň Liwanyň bank pudagy çylşyrymlaşdy.

Hizballahyň parlamentdäki topary ýurduň Merkezi bankynyň Liwanyň täjirçilik banklarynyň ABŞ-nyň kanunlaryna boýun bolmagyna itergi bermegini tankyt etdi.

Blom bank Hizballah bilen gatnaşygy bolmakda güman edilýän adamlaryň hasaplaryny ýapan banklaryň biri.

Hizballah partlama bilen bagly ýagdaý barada çykyş etmedi.

XS
SM
MD
LG