Sepleriň elýeterliligi

'ABŞ, Orsýet ýadro ýaragyny haýal ýok edýär'


Pakistanyň 'Şaheen III' ballisitik raketasynyň synagy, dekabr, 2015.

Şwesiýada ýerleşýän barlag guramasy dünýäniň ýadro ýaragyna eýe bolan iň uly ýurtlary ABŞ-nyň we Orsýetiň öz ýadro ýaraglarynyň sanyny azaldýandygy, emma şol bir wagtda-da öz mümkinçiliklerini döwrebap täzeleýändigini aýdýar.

Stokgolm halkara parahatçylyk institutynyň (SIPRI) 13-nji iýunda öz ýyllyk hasabatynda aýtmagyna görä, 2016-njy ýylyň başynda ýadro ýaragyna eýe bolan dokuz ýurduň ýadro ýaraglarynyň sany ozalky ýyl bilen deňeşdirilende azaldylyp, 455 çemesi ýok edilipdir.

Hasabatda ABŞ-nyň, Orsýetiň, Britaniýanyň, Fransiýanyň, Pakistanyň, Ysraýylyň, Hytaýyň, Hindistanyň we Demirgazyk Koreýanyň eýe bolan ýaraglarynyň jemi sanynyň 2016-njy ýylyň başynda 15395-den ybaratdygy aýdyldy. Şol sanda 4120 ýok edilipdir.

SIPRI şu ýylyň başynda Orsýetiň 7290, ABŞ-nyň 7000 söweş birligine eýe bolandygyny aýdýar.

Fransiýanyň eýe bolan ýaraglarynyň sany 300, Hytaýyň 260, Britaniýanyň 215, Pakistanyň 110-130 aralygynda, Hindistanyň 100-120 aralygynda, Ysraýylyň 80 we Demirgazyk Koreýanyň 10 diýlip hasabatda kesgitlenýär.

XS
SM
MD
LG