Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet 'Rosneft' aksiýalarynyň strategik söwdasyna garaýar


"Rosneft" kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Seçin
"Rosneft" kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Seçin

Orsýet “Rosneft” döwlet nebit kompaniýasynyň bäşden bir bölegini hususy şertnamalar arkaly “strategik maýa goýujylara” satmak mümkinçiligine seredýär, diýip kompaniýanyň ýerine ýetiriji müdiri aýtdy.

“Rosneftiň” ýolbaşçysy Igor Seçin 14-nji iýunda Italiýanyň “Il Sole 24 Ore” gazetine beren interwýusynda Orsýetiň ykdysady çökgünliligi, nebitiň bahasynyň pese gaçmagy we Günbataryň ykdysady sanksiýalary sebäpli nebit şirketiniň global bazaryndaky agramyny ýitirendigini aýtdy.

Orsýetiň Ykdysadyýet ministrligi häzirki wagtda orsýetiň bujetiniň difisitiniň öwezini dolmak üçin aksiýalaryň 19.5%-niň hususylaşdyrylmagy arkaly 700 milliard rubl, ýagny 10.5 milliard dollar möçberde girdejä eýe bolup biljekdigini mälim etdi.

Seçin kompaniýanyň aksiýalaryny maýa goýujylaryna satmakdan ozal olaryň hümmetini ýokarlandyrmak meselesine ünsi gönükdirjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG