Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň harbysy Siriýada wepat boldy


Orsýetiň esgerleri, Siriýanyň Palmyra şäheriniň golaýynda, 5-nji maý, 2016
Orsýetiň esgerleri, Siriýanyň Palmyra şäheriniň golaýynda, 5-nji maý, 2016

Siriýanyň Aleppo regionynda ýaralanan orsýetli esger ýaralardan wepat boldy, diýip Orsýetiň Goranmak ministrligi 16-njy iýunda aýtdy.

Ministrligiň aýtmagyna görä, seržant Mihail Şirokopoýas Orsýetiň Siriýada ok atyşygy bes etmek boýunça gözegçilik missiýasyna degişli ulag okuň astyna düşmegi zerarly ýaralanypdyr.

Esger Moskwanyň keselhanasyna äkidilip bir hepdeden soň ýogaldy. Ministrlik lukmanlaryň esgeri halas etmek üçin göreşendigini belledi.

Mihail Şirokopoýas Moskwanyň geçen ýylyň sentýabr aýynda Siriýada prezident Başar al-Assady goldamak üçin howadan hüjüm etmek boýunça harby çärelerine başlaly bäri wepat bolan dokuzynjy esgerdir.

Orsýetiň Amur regionynda ýaşan esgeriň kakasy Gennadiý Şirokopoýas öz oglunyň ähli “harby hormat çäreleriniň” berjaý edilmeginde jaýlanandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG