Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aleksiýewiç post-sowet syýasatynda erjellige çagyrýar


Swetlana Aleksiýewiç
Swetlana Aleksiýewiç

Geçen ýyl edebiýat boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolan belarus ýazyjysy Swetlana Aleksiýewiç Belarusyň we goňşy Orsýetiň ýakyn geljekde awtoritar dolandyryş usulyndan daşlaşyp biljeginiň gümanadagyny aýtdy, emma ol syýasy özgerişlik isleýänleriň tutanýerli bolmagyna çagyrdy.

Aleksiýewiç 17-nji iýunda, Waşingtonda çykyş edip, öz nesliniň post-sowet dünýäsinde demokratiýa umyt baglanwekilleriniň 1990-njy ýyllarda ýeňlendigini we sowet düşünjeli diýdimzor ýolbaşçylaryň häkimiýetde ornaşmagynyň öňüni alyp bilmändiklerini aýtdy.

"1990-njy ýyllarda adamlarda dörän ynanjy, olaryň gözlerindäki ýagtyny men indi biziň ýurtlarymyzda bu golaýda görüp bolar öýtmeýärin" diýip, ol Milli demokratiýa fondunda aýtdy.

XS
SM
MD
LG